Resmi maglumatlara laýyklykda, Lebap welaýatynda “Internet banking” hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň arasynda “Daýhanbank” DTB öňdeligi eýeleýär. Welaýat boýunça bu bankyň hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 102 müň 792 bolup, Lebapdaky umumy görkezijiniň iň uly paýyny emele getirýär. Bu ýagdaý “Daýhanbank”yň sanly bank hyzmatlaryny ösdürmekde we ilata elýeterli etmekde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Şeýle-de Lebap welaýatynda “Türkmenistan” DTB-niň 91 müň 202, “Türkmenbaşy” PTB-niň 47 müň 688, “Halkbank” PTB-niň 28 müň 306 müşderisi “Internet banking” hyzmatyndan peýdalanýar. Beýleki banklaryň bu ugurdaky görkezijileri has pesdir. Umuman alanyňda, banklaryň arasynda sanly hyzmatlar boýunça bäsdeşligiň güýçlenmegi Lebap welaýatynda onlaýn bank hyzmatlarynyň has-da giňden ýaýramagyna itergi berýär.
Lebap welaýatynda “Internet banking” hyzmatynda “Daýhanbank” öňdeligi eýeleýär
23
Jan
