Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň dabaralar zalynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşigiň deslapky saýlama tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de welaýat baş bilim müdirligi bilelikde guradylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigine umumy bilim berýän mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň 21-si gatnaşdy.
Onda Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýperi Kurbanowa birinji, Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurana Akmämmedowa üçünji orny eýelediler. Birinji we ikinji orny eýelän gyzlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.