Lebap welaýatynda gyş paslynda ilatyň durmuş üpjünçiligi bökdençsiz alnyp barylýar. Bu barada welaýatyň häkimi duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Hasabatda ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýändigi, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy, ilatyň durmuş şertleriniň durnukly üpjün edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynda ilatyň durmuş üpjünçiligi berk gözegçilikde saklanylýar
03
Feb
