SYÝASAT

Lebap welaýatynda iki etraby ýatyrmak teklip edildi

Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Döwletli, Farap etraplaryny ýatyrmak teklip edildi.

Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek teklip edildi.

Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerleriniň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Çärjew etrabynyň düzümine geçirilmegine garaşylýar.

Bu baradaky teklip 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen mejlisde öňe sürüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: