MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebap welaýatynda Hasyl baýramy bellenildi

Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdan dabaraly çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl baýramyna hem şu ýerde badalga berildi. Baýramçylyk ruhunda bezelen meýdanda Lebap welaýatynyň ähli etraplaryndan wekiller ýygnandylar.

Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Edilen çykyşlarda oba hojalygynda, şonuň ýaly-da ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edildi. Şu ýyl oba hojalygynda ýokary netijeleri görkezen hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerde oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi guraldy. Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda däp bolan ekinler — pagta we bugdaý bilen bir hatarda, gök, miwe we bakja önümleri hem köp ýetişdirilýär. Bularyň ählisi sergide görkezildi. Bu ýerde olary gaýtadan işlemekden alnan azyk önümleri hem goýlupdyr.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy. Joşgunly aýdymlar belentden ýaňlandy, göwün göteriji tanslar ýerine ýetirildi. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri hasyl toýuna bagyşlap taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyny görkezdiler.

Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ähli etraplarda hem geçirildi. Jemgyýetçilik guramalary öňde baryjylaryň dabaraly kabul edişlikleri guradylar, olara Hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: