TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda harby bölümleriň täze binalar toplumy açyldy

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda geçirildi we täze toplum harby gullukçylar üçin sowgat boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, açylyş dabarasynda täze toplumyň ulanmaga doly taýýardygy barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi. Soňra Döwlet senasy ýaňlandy, edebi-sazly kompozisiýa görkezildi we döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, toplumyň resmi taýdan ulanmaga berilmegine ak pata berdi.