TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda halkara derejeli onkologiýa merkeziniň düýbi tutular

Bu barada Prezident Serdar Berdimuahmedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde aýratyn nygtady.
Nygtalyşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem «Arçman» şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýakyn wagtda biz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmagy meýilleşdirýäris. Şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini
gurmagy göz öňünde tutýarys. Bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany halkyň saglygyny goramagyň, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmagyň öňde durýan iň uly maksatdygyny nygtady.