В Лебапском велаяте прошли торжества  по случаю Международного дня Нейтралитета
- UNCATEGORIZED

Lebap welaýatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Halkara Bitaraplyk güni dabaraly ýagdaýda bellenildi. Baýramçylyk çärelerine Türkmenabat şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlanyp duran wagty Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy bilen badalga berildi.

Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasaty, onuň umumadamzat bähbitli meseleleri çözmekdäki ähmiýeti, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýän Türkmenistanyň beýleki ýurtlar hem-de halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklary, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak, ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmek barada we beýleki teklipleri hakynda giňişleýin durup geçdiler. Soňra bu ýerde sungat işgärleriniň taýýarlan konserti boldy.

Günüň dowamynda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde hem şeýle çäreler guraldy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda hem geçirildi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwletdir. Bu abraýly halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. Bu dereje Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem özüniň beýanyny tapdy. 2017-nji ýylyň fewralynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul etdi.

Bularyň ählisi baradaky maglumatlar aýyň başynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de welaýat kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp guralan sergilerde öz beýanyny tapypdyr. Onuň yzysüre Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň Türkmenabat şäherindäki «Arzuw» toý mekanynda guran dabarasyna welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň «Lebap» söwda-dynç alyş merkeziniň adybir toý mekanynda guran baýramçylyk dabarasyna bolsa Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary çagyryldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde geçiren dabaraly maslahaty hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçiren maslahatynda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alanyndan bäri geçen 24 ýylyň dowamynda geçen ýoly barada giňişleýin gürrüň edildi.