Lebap welaýatynda halk saz gurallary toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

Halaç etrabynyň Garabekewül şäher we Dänew etrap medeniýet öýlerinde halk saz gurallary toparlarynyň arasynda «Kalpdan çykýan mukamlar» atly bäsleşik geçirildi. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde yglan eden Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň halk saz gurallary toparlary gatnaşdylar.

Onda Köýtendag etrabynyň halk saz gurallary topary baş baýraga mynasyp boldy. Dänew etrabynyň Şeýdi şäheriniň topary birinji, Halaç etrabynyň topary ikinji, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Ýeňijilere welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector