YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi artýar

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe Lebap welaýaty boýunça döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň 1009 million manady özleşdirildi. Olaryň 63,2 göterimi, ýagny, 637,2 million manady önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi.

Şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly desgalarda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 371,8 million manada barabar boldy. Gurluşyk-gurnama kärhanalarynyň öz güýji bilen ýerine ýetiren potrat işleriniň umumy möçberiniň 40 göterime golaýy «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk guramalarynda ýerine ýetirildi. Geçen hasabat döwründe gurulýan desgalarda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 144,6 million manada barabar bolup, ýyllyk meýilnama 79,3 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň tamamlanan aýlarynda döwlet eýeçiligine degişli gurluşyk-gurnama kärhanalarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýerine ýetirilen potrat işleri 2 göterime golaý artdy we 274,1 million manada barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: