Şu ýyl Lebap welaýatynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda aýratyn garaldy. Maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitde meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynda gurluşyk desgalary boýunça meýilleşdirilen işler gözegçilikde saklanýar
24
Jan
