YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gowaça ekişine taýýarlyk tapgyrlaýyn alnyp barylýar

Welaýat boýunça gowaça ekiljek 130 müň gektar meýdanda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyra ýetip, ýerleriň 65 müň gektaryndan gowragynda tekizleýiş we 100 müň gektara golaýynda çil çekmek işleri ýerine ýetirildi. Saýat etrabynyň oba hojalykçylary 16 müň 563 gektar ýeriň 13 müň gektaryna golaýynda tekizleýiş işlerini tamamlap, bu ugurda öňdebaryjy boldular. Köýtendag etrabynda çil çekmek işleri doly berjaý edildi, Kerki we Saýat etraplarynda bolsa bu çäre tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Taýýarlyk möwsüminde sürlen ýerleri tekizlemek üçin kuwwatly tehnikalaryň 150-den gowragy netijeli peýdalanylýar.
Ekiş öňi agrotehniki çäreleriň çäginde welaýat boýunça gowaça meýdanlaryna 26 müň 800 tonna fosfor we 5 müň 850 tonna kaliý dökünlerini bermek meýilleşdirildi. Häzirki wagta çenli sebitde fosfor dökünlerini bermek işleri 100 göterim tamamlandy, kaliý bilen dökünlemek çäreleri bolsa ahyrky tapgyrda alnyp barylýar. Ähli etraplar zerur bolan dökün mukdary bilen doly üpjün edilip, bu çäreler geljekki hasylyň bitginli bolmagyna gönükdirilendir.