TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda gowaça ekişine taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar

Gowaça ekişine taýýarlyk bilen bagly işler şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýazky ekişe taýýarlyk çäreleriniň ýokary hilli we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ähli meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.