YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda galla oragyna taýýarlyk görülýär

Lebap welaýatynda şu günlerden öňde duran bugdaý oragyna taýýarlyk görülýär. Bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin gerek bolan zatlaryň ählisi göz öňünde tutulýar.

Güýzlük bugdaýy ýygnamaga kombaýnlaryň 419-sy gatnaşdyrylar. Olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak maksady bilen ýangyç, çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly daşamak üçin ulaglar taýýarlyk hataryna goýuldy.

Welaýat boýunça kabul ediş nokatlarynyň 34-si, ammarlaryň 62-si, elewatorlaryň 6-sy, basdyrmalaryň 88-si taýýarlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: