YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda galla oragyna 400-den gowrak kombaýn gatnaşdyrylar

Güýzlük bugdaýy orulýan döwürde Lebap welaýatynda atyzlara 419 kombaýn çykarylar. Olara iki iş çalşygynda 860 mehanizator erk eder.

Ýygnalan hasyly daşamak üçin 2150 ýük ulagyny çekmek göz öňünde tutulýar. 35 sany kabul ediş nokatlary bolsa ýygnalan bugdaý hasyly kabul eder. 60-dan gowrak ýangyç guýujy maşynlar kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýangyç bilen bökdençsiz üpjün eder. Kombaýnlarda ýüze çykmagy ähtimal näsazlyklary düzetmek üçin tiz tehniki kömek toparlary döredildi. 21 sany tehniki kömek ulagy, abatlaýyş toparynyň 91 mehanigi, 52 kombaýn sazlaýjylar gerek bolan ýagdaýynda dörän näsazlyklary tiz düzetmäge ýardam ederler. Galla oragy döwründe ýüze çykýan islendik meseläni ýerinde çözmek üçin 21 ulag sürüjisi bilen gije-gündiz nobatçylykda bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: