Lebap welaýatynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça wagyz-ündew çäreleri guralýar
Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinde Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin “Sagdyn ene-sagdyn çaga-sagdyn geljek” atly milli strategiýadan ugur alyp, sagdyn maşgala gatnaşyklaryny ündemeklige, eneligi we çagalygy goramaklyga gönükdirilen wagyz-ündew çäreleri geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat we etrap birleşmeleriniň guramagynda geçirilen bu çärelere ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çärelerinde edilen çykyşlarda çagalaryň irki ösüşini, olaryň saglyk ýagdaýyny barlamaklyga we bar bolan keselleri anyklamaklyga hem-de degişli bejergi çärelerini bellemeklige niýetlenilen barlag-bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen merkezleriň hereket edýändigi nygtaldy.