YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda elektrik energiýasynyň öndürilişi artýar  

Lebap welaýatynda şu ýylyň birinji ýarymynda elektrik energiýasynyň 1 milliard 777,1 million kilowat sagady öndürilip, geçen ýylyň şu döwründäkiden 79 göterime golaý ösüş gazanyldy.

Bu üstünlikde Çärjew etrabynyň çäginde gurlup, geçen ýylda işe girizilen kämil elektrik stansiýasynyň işgärleriniň saldamly paýy bar. Kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy ýurdumyzyň Gündogarynda gurlan şeýle desgalaryň üçünjisi we iň kuwwatlysydyr. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleriniň düýpli artdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini çaltlandyrmaga we onuň eksport mümkinçiliklerini has giňeltmäge berk esas döretdi. Häzirki wagtda elektrik energiýasy welaýatymyzdan sebitiň döwletlerine hem bökdençsiz ugradylýar. Türkmen elektrik energiýasyny sarp edýänleriň arasynda Owganystan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly döwletler bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: