BILIM

Lebap welaýatynda «E-mekdep» maksatnamasy doly ornaşdyryldy

Lebap welaýatyndaky orta mekdeplerde «E-mekdep» maksatnamasy doly ornaşdyryldy. Bu barada welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni Sünnet Adylow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
— Häzirki wagtda welaýatymyzda orta mekdepleriň 400-e golaýy hereket edýär. «E-mekdep» maksatnamasy bu bilim ojaklarynyň ählisinde elýeterlidir. Bu maksatnama arkaly ata-eneler islän wagty çagalarynyň okuwa gatnaşygyna netijeli gözegçilik edip bilýärler.
Ýagny, çagasynyň mekdepde sapaklaryna gatnaşygy we ýetişigi, synpda öwrenilýän mowzuklar, öý işleri, mugallymlaryň bellikleri, derslere höwesi barada edil şol wagtda maglumat almaga mümkinçilik tapýar. Şeýle-de okuwçynyň alýan bahalary ulgamyň ýörite programmalary, enjamlary we algoritmleri arkaly derňelýär. Bu ulgam arkaly ata-eneler mugallymlar bilen öz wagtynda aragatnaşyk guramaga we mekdep mugallymlary hakda maglumat almaga mümkinçilik alýarlar ― diýlip, söhbetdeşlikde aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: