Resmi maglumatlara laýyklykda, Lebap welaýatynda “E-Commerce” hyzmaty boýunça iň köp ulanylýan ulgam “Halkbank” PTB-niň paýyna düşýär. Welaýat boýunça bu bankyň elektron söwda hyzmaty 60 birlik bilen öňdeligi eýeleýär. Bu görkeziji “Halkbank”-yň ilata sanly töleg hyzmatlaryny giňden hödürleýändigini görkezýär.
Şeýle-de Lebap welaýatynda “Rysgal” PTB-niň elektron söwda hyzmaty 20 birlik, “Türkmenistan” DTB-niň hyzmaty bolsa 9 birlik derejesinde ulanylýar. Beýleki banklaryň bu ugurdaky görkezijileri has pesdir. Umuman alanyňda, banklaryň arasynda sanly hyzmatlar boýunça bäsdeşligiň güýçlenmegi Lebap welaýatynda elektron söwdanyň giňden ýaýramagyna, ilatyň onlaýn töleglere ynamynyň artmagyna oňyn täsir edýär.
Lebap welaýatynda “E-Commerce” hyzmatynda “Halkbank” öňdeligi eýeleýär
23
Jan
