YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň 6-sy satuwa çykarylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary 2021-nji ýylyň 29-njy iýunynda sagat 10:00-da ministrliginiň jaýynda geçirýär.
Şol günki bäsleşikli söwdalarda Lebap welaýatyndaky desgalaryň hem birnäçesi satuwa çykarylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli desgalaryň üçüsi ― «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň öňki «Amyderýa» söwda kärhanasynyň binalary, Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasy we Dänew etrap alyjylar jemgyýetiniň ammar jaýy bar.
Şeýle hem şol gün «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 9-njy ulanyş enjamlary sozuş bölegine degişli naharhanasy, «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji we 19-njy gurluşyk-gurnama müdirlikleri satuwa çykarylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: