YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda dört etrabyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Lebap welaýatynyň Çärjew we Darganata etraplarynyň daýhanlary ilkinjileriň hatarynda pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Çärjewli pagtaçylar 61 müň 600 tonnadan gowrak «ak altyny» we darganatalylar bolsa 6 müň 500 tonnadan gowrak tereziden geçirdiler.

Olaryň yzysüre Saýat we Dänew etraplaryndan hem şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edendikleri barada habar gowuşdy. Bu etraplaryň hersinde 50 müň 700 tonnadan gowrak pagta taýýarlanyldy.

Ýene-de birnäçe etrap meýilnamalaryny berjaý etmegiň öň ýanynda durlar. Gymmatly çig maly ýygnap almak dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: