YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda dokuz aýda ýumurtganyň 182,5 million sanysy öndürildi

 Lebap welaýatynyň ähli hojalyklary boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe idedilýän guşlaryň sany 4 million 175,7 müňe barabar boldy. Bu bolsa 2021-nji ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden guşlaryň baş sanynyň 0,5 göterim artandygyny görkezýär.

Şonuň netijesinde geçen dokuz aýda ýumurtganyň 182,5 million sanysynyň öndürilmegi üpjün edildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden artykdyr (0,6 göterim). Berhizlik önümi öndürmekde Halaç etrabynyň guşçulary has yhlaslylyk görkezýärler. Olar tarapyndan hasabat döwründe bu önümiň 31,4 million sanysy öndürildi. Möhüm meselede Çärjew, Dänew we Saýat etraplarynyň hojalyklarynda önjeýli işler bitirilýär. Ýylyň geçen dokuz aýynda Hojambaz etrabynda düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Etrap boýunça ýumurtganyň 13,5 million sanysy öndürilip, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 5,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu bolsa welaýatda iň ýokary görkezijidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: