TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda “Daýhanbank”-yň kartlary öňdeligi eýeleýär

Maglumatlara görä, Lebap welaýatynda bank kartlarynyň iň köp paýy “Daýhanbank” DTB-a degişlidir. Bu bankyň kartlarynyň sany 470 müň 877-e barabar bolup, welaýat boýunça iň ýokary görkeziji boldy. Bu ýagdaý “Daýhanbank”yň oba hojalyk işgärleri, döwlet edaralary we ilat bilen iş alyp barmakda uly orna eýedigini görkezýär.
Ikinji orunda “Halkbank” PTB ýerleşip, onuň Lebapdaky kartlarynyň sany 265 müň 466-a ýetdi. Şeýle hem “Türkmenbaşy” PTB (140 müň 753) we “Türkmenistan” DTB (127 müň 151) banklarynyň kartlary hem welaýatda giňden ulanylýar. Bu sanlar Lebap welaýatynda bank hyzmatlarynyň bäsdeşlik esasynda ösdürilýändigini we ilatyň dürli banklaryň mümkinçiliklerinden peýdalanýandygyny aýdyň görkezýär.