Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebap welaýatynda bugdaý oragyna badalga berildi

Jun 4, 2021

Lebap welaýatynda bugdaý oragyna badalga berildi. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde bu waka mynasybetli dabara geçirildi.
Geçen ýylyň güýzünde welaýat boýunça 130 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekildi we onda bol hasyl ýetişdirildi. Daýhanlar ondan 310 müň tonna guşgursak bugdaý almagy göz öňünde tutýarlar.
Orak döwründe welaýat boýunça «Jon Deere», «Class», «Case» kysymly kombaýnlaryň 430-sy bugdaý ormaga gatnaşdyrylar. Bu gezek meýdanlara geçen ýyldakysyndan 30 kombaýn köp çykarylar. Däneleri kabul ediş harmanhanalaryna daşamak üçin awtoulaglaryň 2150-sini çekmeklik göz öňünde tutulýar. Elewatorlaryň 6-sy, ammarlaryň 73-si, bassyrmalaryň 82-si we açyk meýdanlaryň 60-sy ýygnalan hasyly kabul etmek üçin taýýarlanyldy. Ýangyç daşaýan awtoulaglaryň 64-si kombaýnlary ýangyç bilen bökdençsiz üpjün ederler.
Ýüze çykan ýagdaýynda, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň näsazlyklaryny çalt düzetmek üçin tehniki kömek toparlary döredildi. Munuň üçin tehniki kömek awtoulaglarynyň 21-si taýýar edildi. Şol döwürde bu işe hünärmenleriň 91-si çekiler.
Galla oragynda işlejek hünärmenler üçin iş şertlerini döretmek, olaryň dynç alşyny guramak hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek meseleleri hem gündelik gözegçilikde saklanylýar.

Leave a Reply