TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda bugdaý ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alnyp barylýar

Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iş maslahatynda gozgalan esasy meseleleriň biri boldy. Şol maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.