YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda beton önümleriniň öndürilişi artdy

Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän hususy kärhanalarda ýylyň başyndan bäri harytlyk betonyň we beton önümleriniň öndürilişi artdy.

Muňa olaryň ykdysady görkezijileri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, «Bagtyýar doganlar» hojalyk jemgyýetinde geçen ýylyň degişli döwründe 477 kub metr harytlyk beton öndürilen bolsa, ýylyň başyndan bäri müşderilere ugradylan bu önümiň mukdary 2800 kub metrden geçdi. «Asyl ýurt» hususy kärhanasynda bolsa bu önüm geçen ýyldakysyndan bäş esseden hem köp öndürildi. Has takygy, 1143 kub metrden gowrak harytlyk beton ulanyjylara iberildi. Şonuň ýaly-da, demir beton önümleriniň 2131 kub metri çykaryldy. Bu geçen ýyldakysyna garanda, 1,8 essä ýakyn köpdür. «Takyk baha» hususy kärhanasynda bolsa 3697 kub metrden geçirilip, demir beton önümleri öndürildi. Bu kärhananyň geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden 2413 kub metrden köpdür.

Gurluşyk işlerini giňden ýaýbaňlandyrylmagy bu önümlere bolan islegiň artmagyna, netijede önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna getirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: