YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda bäş aýda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda suwuklandyrylan gazyň 47,3 müň tonnadan gowragy öndürildi we bu baradaky meýilnama 105,8 göterim ýerine ýeririldi.

Gazanylan üstünlikde müdirligiň Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumynyň hünärmenleriniň mynasyp paýy bar. Toplum boýunça geçen döwürde öndürilen harytlyk önüm 41,3 müň tonnadan gowrak bolup, degişli meýilnama 104 göterimdem gowrak berjaý edildi. Ýylyň geçen döwründe müdirlikde öndürilen suwuklandyrylan gazyň 46,4 müň tonnadan gowragy eksporta ugradyldy.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: