TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda bankomatlaryň sany 430-dan geçýär

Soňky resmi maglumatlara görä, Lebap welaýatynda hereket edýän bankomatlaryň sany 432-ä deň boldy. Bu görkeziji Lebap welaýatynyň bankomatlar bilen üpjünçiligi boýunça Türkmenistanda Aşgabat şäherinden (450) we Mary welaýatyndan (442) soňra öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini görkezýär. Şeýlelikde, Lebap welaýaty bank hyzmatlarynyň elýeterliligi taýdan ýurduň iri sebitleriniň hatarynda durýar.
Deňeşdirme üçin aýdanyňda, Lebap welaýatyndaky bankomatlaryň sany Ahal (245), Balkan (277) we Daşoguz (279) welaýatlaryndan ep-esli ýokarydyr. Arkadag şäherinde bolsa bankomatlaryň sany 12 bolup, bu görkeziji täze şäheriň aýratyn gurluş aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Umuman alanyňda, Türkmenistanda bankomatlaryň jemi sany 2 müň 137-ä ýetip, bu ýagdaý ilatyň nagt däl töleglere geçmeginiň we döwrebap bank hyzmatlarynyň giňden ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.