- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda balyklary köpeltmek işi kämilleşdirilýär

Welaýatymyzyň balykçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri, hususyýetçileri öz öňlerinde belent maksatlary goýup zähmet çekýärler. Olar azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Bu babatda «Myradym» hususy kärhanasynda işler has-da ilerleýär.

Mälim bolşy ýaly, bu kärhana Kerki etrabynyň çägindäki ýurdumyzyň iň uly suw howdany bolan «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda balyklary köpeltmek işini ylmy esasda alyp barýar. Kärhananyň çylşyrymly tilsimatlar bilen üpjün edilen barlaghanasy bolup, onda balyklaryň işbil döwründen tä ulalýança belli-belli wagtlarda parazitologiýa we bakteriologiýa barlaglary geçirilip durulýar. Bu bolsa ýaş balyklaryň sagdyn ösmegini üpjün edýär. Geljekde bu kärhana konserwirlenen, doňdurylan, kakadylan we duzlanan hoşboý ysly balyk önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär. Güýz paslynda balyk önümleriniň käbir görnüşleri ilatyň saçagyna ýetirilip başlanar. Şeýle-de, kärhana welaýatymyzyň etraplarynyň birnäçesinde balyk dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär.