YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda 320 müň tonna pagta taýýarlanyldy

Lebap welaýatynyň hojalyklary 320 müň tonnadan geçirip pagta ýygyp, boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Şonça hasyly olar 130 müň gektarda gowaça ekilen ýerde ýetişdirdiler. Bu işe daýhan birleşikleri bilen bir hatarda daýhan hojalyklary hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşdular.

Ozal habar berşimiz ýaly, ilki bilen Çärjew we Darganata etraplarynyň pagtaçylary arzyly sepgide ýetdiler. Soňra Saýat we Dänew etraplaryndan hem şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar gowuşdy. Olaryň yzysüre bolsa beýleki etraplar hem gymmatly çig maly ýygnap almakda üstünlik gazandylar.

Ýygym döwründe «МХ—1,8» we «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 308-si «ak altynly» meýdanlarda netijeli işledildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: