YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda 13 desga satlyga çykarylar

10-njy maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda guraýar. Onda 36 lot —dürli ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem Aşgabadyň, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdada Lebap welaýatynda satuwa çykaryljak binalar we desgalar:
1. Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň öňki «Amyderýa» söwda kärhanasynyň binalary, Köýtendag etrabynyň Amyderýa şäherçesi;

2. Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasy, Hojambaz etraby, Kerkiçi — Farap awtoulag ýoly;

3. Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginiň Soltanýazgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän iri şahly mallar hem-de guşçulyk kömekçi hojalygy;

4. «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesiniň Dostluk köçesiniň ugrunda ýerleşýän sement ammary;

5. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Köýtendag etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 22-nji jaýy;

6. Türkmenabat şäheriniň «Himik» kiçi etrapçasynyň Zelili köçesiniň ugrunda ýerleşýän binasy;

7. «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Mukaddes Ruhnama köçesiniň ugrunda ýerleşýän dükan jaýy;

8. «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Garaşsyz Diýar we Merw köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän iki gatly binasy;

9. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän bişen kerpiç öndürýän sehi;

10. «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Döwrebap» dynç alyş we söwda merkezi;

11. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň Saýat etrabynyň Suwçyoba şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän dynç alyş öýi;

12. Lebap welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň bejeriş-gurluşyk müdirliginiň Çärjew etrabynyň Farap şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň 57-nji jaýynda ýerleşýän binasy;

13. Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň 24/3-nji salgysyndaky önümçilik jaýy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: