JEMGYÝET

Lebap welaýatynda 1000-den gowrak ýaş mugallym işe başlady

Lebap welaýaty boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 396 sanysy bolup, olaryň 4-si mekdep internatlarydyr. Şeýle hem welaýatda çagalar-ýetginjekler döredijilik öýleriniň 18 sanysy hereket edýär.

 Bu ýerlerde şu okuw ýylynda mugallymlaryň 21 müň 40-a golaýy ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bererler.

 Gündogar sebitde mekdebe çenli bilim edaralarynyň 384 sanysy bolup, bu ýerlerde terbiýeçileriň we beýleki hünärmenleriň 4 müň 890-dan gowragy körpelere bilim-terbiýe berýärler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, täze okuw ýylynda ýaş hünärmenleriň 1040-a golaýy işe ýerleşdirilipdir we olara tejribeli mugallymlardan halypalar bellenilipdir.

Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 38 sanysy hereket edýär.