Türkmenistanda öndürilýän “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleriniň işlenip taýýarlanylmagynda öňdebaryjy kärhanalaryň işçi-hünärmenleri aýratyn yhlas bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti 68 müň 527 sany kompýuteri taýýarlandy. Olaryň aglaba bölegi Daşoguz, Balkan we Mary welaýatlaryna
ugradylan bolsa, galan bölegi ýurduň beýleki künjeklerine paýlanyldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy 68 müň 527 sany kompýuteri öndürip, Ahal, Lebap welaýatlaryna, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherleriniň okuwçylaryna gowşurdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda
döredilen innowasion mümkinçilikleriň netijesinde ilkinji synp okuwçylary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edilip, sanly bilim ulgamynyň çäginde giň mümkinçiliklere eýe boldular.
Lebap welaýatyna «Bilimli» kompýuterleri ugradyldy
29
Aug
