Şu ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagadaýa görä, Lebap welaýatynda nagt däl
hasaplaşyga mümkinçilik berýän POS terminallaryň sany 6 müň 799-a ýetdi.
Welaýat şeýle maksatly terminallaryň sany boýunça ýurtda ikinji orny eýeleýär.
Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat şäherinde 13 müň 249 terminalyň
bardygyny habar berýär. Mary welaýatyndaky terminallaryň sany bolsa 6 müň
426-a çykdy.
1-nji dekabra çenli ýurt boýunça ulanylýan POS terminallarynyň sany 40
müňden geçdi. Ýurtda nagt däl hasaplaşyga bolan islegiň barha artmagy bilen,
olaryň sany geljekde has köpeler.
Lebap welaýaty POS terminallaryň sany boýunça Türkmenistanda ikinji orny eýeleýär

24
Dec