Lebap welaýaty Özbegistanyň iki oblasty bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirer. Türkmenistanyň Prezidentiniň goňşy döwlete amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde bu dogrusynda degişli Ylalaşyklara gol çekildi.
Has takygy, saparyň dowamynda gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk we Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Lebap welaýaty Özbegistanyň iki oblasty bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirer
18
Nov
