Geçen ýylda Lebap welaýatynda gök önümleriň 299,3 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 167,7 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 46,9 müň tonnasy, ýeralmanyň 135,7 müň tonnasy, üzümiň hem 20,9 müň tonnasy öndürildi. Bu
görkezijileriň öňki ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artandygy bolsa ussat ýer
eýeleriniň tagallalarynyň ýerine düşýändiginden habar berýär.
Bu zerur önümleri öndürmekde Çärjew, Saýat, Dänew, Hojambaz we Kerki etraplarynyň daýhanlarynyň has tapawutlanandyklaryny bellemek ýerlikli bolar. Mysal üçin, tamamlanan ýylda Çärjew etrabynda gök önümleriň 86,5 müň tonnasy öndürildi. Bu görkeziji Saýat etrabynda 50,9 müň tonna barabar boldy. Esasy azyklyk önümleriň biri bolan ýeralma öndürmekde-de Çärjew etrabynyň bakjaçylary öňdeligi ynamly eýeleýärler. Olar tarapyndan geçen ýylda öndürilen ýeralma 42,4 müň tonna barabar boldy. Munuň özi welaýatyň etraplarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şonda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 6,1 göterim artyş depgini hem gazanyldy. Saýat etrabynyň daýhanlarynyň öndüren ýeralmasy bolsa 30 müň tonna golaýlady. Şunlukda, etrap boýunça öňki ýyl bilen deňeşdirilende bu önümi öndürmekde 9,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Lebap welaýaty oba hojalyk ýylyny üstünlikli jemledi

16
Jan