Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän ýollaryň we geçelgeleriň hem-de kämil aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi örän möhümdir. Hususanda, Aşgabat ― Türkmenabat ýolunyň esasy bölegi Türkmenabatda tamamlanyp, onuň goňşy ýurtlara uzaýan ýollara birleşmegidir.
Ýoluň Mary ― Türkmenabat bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-nji aprelinde Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen ― Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, örän möhümdir.
Bu ýol Gündogar ― Günbatar we Demirgazyk ― Günorta ugurlary boýunça ýurduň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek boýunça möhüm wezipäni amala aşyrýar.
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 600 kilometre deňdir.
Mundan başga-da, Demirgazyk ― Günorta hem-de Gündogar ― Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.