2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bolan resmi maglumatlara görä, Lebap welaýatynda ulanylýan bank kartlarynyň umumy sany 1 million 75 müň 151-e deň boldy. Bu görkeziji Lebap welaýatynyň bank kartlaryny ulanmak boýunça Türkmenistanda üçünji orny eýeleýändigini görkezýär. Lebapdan öňde diňe Aşgabat şäheri (1 million 888 müň 503) hem-de Mary welaýaty (1 million 139 müň 836) ýerleşýär.
Deňeşdirme üçin aýdanyňda, Lebap welaýatynda bank kartlarynyň sany Ahal (644 müň 357), Balkan (656 müň 153) we Daşoguz (905 müň 559) welaýatlaryndan has ýokarydyr. Şeýle-de Arkadag şäherinde bu görkeziji 16 müň 875-dir.
Häzirki wagtda ýurduň gündogar sebitinde sanly maliýe hyzmatlarynyň iň işjeň ösdürilýän sebitleriniň biri hökmünde tapawutlanýar. Bu ýagdaý ilatyň maliýe sowatlylygynyň artýandygyny, bank infrastrukturasynyň giňelýändigini hem-de döwrebap ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ornaşýandygyny aýdyň görkezýär.
Lebap welaýaty bank kartlaryny ulanmak boýunça Türkmenistanda üçünji orunda
21
Jan
