Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetinde Lebap welaýatynyň ykdysady we durmuş ugurlary boýunça durnukly ösüşi saklamak üçin möhüm maliýe üpjünçiligi göz öňünde tutuldy. Kanunyň 3-nji maddasynda görkezilişi ýaly, welaýat umumydöwlet salgytlaryndan — goşulan baha üçin salgytdan, peýdadan alynýan salgytdan we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan — 100 göterim möçberinde geçirmeleri saklamak hukugyna eýe boldy. Bu görkeziji Lebap welaýatynyň senagat, oba hojalygy we hyzmatlar ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün edýän, ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny tassyklaýar.
Döwletimiziň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän Lebap welaýatynyň şeýle ýokary salgyt norma möçberi sebitde alnyp barylýan giň gerimli işleriň dowamlylygyny üpjün edýär. Bu bolsa täze önümçilikleriň ýola goýulmagyna, infrastruktura taslamalarynyň giňeldilmegine, ilatyň durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna we welaýatyň strategiki ugurlarda mundan beýläk hem ösmegine mümkinçilik berýär.
Lebap welaýaty 2026-njy ýylyň döwlet býujeti boýunça doly üpjünçilik derejesinde
24
Nov
