Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary ” bölüminiň orkestr we ansambl şeýle-de dutarçylar ansambl toparlarynyň gurnamagynda konsert geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklaryna uzap gidýän baý saz sungatyny we medeniýetini professional derejede ösdürilmegine, kämilleşdirmegine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň sungatyň islendik ugrundan kämil bilim almaklary, ukyp-başarjaňlyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin ýurdumyzda birnäçe tutumly işler alnyp barylýar.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň orkestr we ansambl şeýle-de dutarçylar ansambl toparlarynyň gurnamagynda konsert geçirildi. Bu ajaýyp konserti mekdebimiziň mugallymlary Hudaýkulyýew Şeripbaý we Hoşşyýew Akmyrat gurnady. Konsertiň dowamynda birnäçe türkmen halk sazlary hem daşary ýurt sazlary ýerine ýetirildi.
Konsert mekdebimiziň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň dutarçylar ansamblynyň Ç.Täçmämmedowyň “Dostluk” sazynyň ýokary ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilmegi esasynda başlady. Soňra konsert “Gelin ýörişi” türkmen halk sazy bilen dowam etdi. Dutarçylar ansamblyna “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Hoşşyýew Akmyrat ýolbaşçylyk etdi.
Konsert “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň ansambl toparynyň Annageldi Jülgäýewiň “Ýaşlara salam”, G.Dinikunyň “Mart horowody” ýaly birnäçe täsirli sazlary ýerine ýetirmegi bilen konsert dabarasyna uly öwüşgin çaýdy. Soňra “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň orkestr topary we “Halk saz gurallary” bölüminiň II-ýyl talyby Oguljemal Azadowanyň (akkordeon) N.Dautowyň “Gündogar rapsodiýasy” eserini ussatlarça ýerine ýetirmegi konsert dabarasyny bezedi.
Konsert Şeripbaý Hudaýkulyýewiň dirižýorlyk etmeginde “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň orkestr topary we “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV-ýyl talyby Baýram Muhammetkulyýewiň “Habaryň barmy”, şeýle-de kompozitor Nury Halmammedowyň “Gyz” aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Konsertiň dowamynda “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň III-ýyl talyby Merdan Ismailow we orkestr toparynyň S.Oganesýanyň “Ekspromt” sazyny, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ” bölüminiň II-ýyl talyby we orkestr toparynyň, Braziliýanyň kompozitory Z.Abreuiň “Tiko-Tiko” sazyny ýerine ýetirmegi örän täsirli boldy.Konsert orkestr toparynyň N.Hojamuhammedowyň “Ekspromt ” eseriniň ýaňlanmagy bilen jemlendi. Sahnada aýdymçy sazandalar toparynyň çykyşy sazlaryň nepis owazlanmasy bahar paslynyň gözelligi bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler.Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
ýaş hünärmen mugallymy Orazowa Ýazjemal Paltanepesowna