MEDENIÝET

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby üçin 2025-nji ýyl üstünlikleriň ýyly boldy

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV-nji ýyl talyby Selbi Imamowa birnäçe Halkara bäsleşiklere gatnaşyp I-nji derejeli laureat adyna mynasyp boldy. Ýylyň ahyrynda jemi jemlenen “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy
bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda
yglan eden “Edebiýat-dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşiginde II-nji orna mynasyp boldy. Şeýlede bäsleşigiň gurnaýjylary tarapyndan Hormat hata we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy.
Selbi Imamowanyň bütin ýylyň dowamyndaky üstünlikleri biziň Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebimiz üçin uly guwanç hem-de buýsançdyr.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.
Goý, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda üstünliklerimiz üstünliklere ulaşsyn!