Uolt Uitman adyndaky hormatly Halkara döredijilik bäsleşigi tamamlandy (Germaniýa, 2025) we onuň netijeleri geçirildi. Biziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň tejribeli halypa mugallymymyz, görnükli türkmen žurnalisti, publisist, sungaty öwreniji Ýuliýa Jumaýewa bu bäsleşigiň laureaty boldy.
Bu bäsleşige dünýäniň 26 ýurdundan şahyrlar we ýazyjylar (154 sany bäsleşigiň işi) gatnaşdylar. Olara: Izrail, Pakistan, Hindistan, Italiýa, Meksika, Argentina, Rumyniýa, ABŞ, Gazagystan, Tatarystan, Dagystan, Ukraina, Russiýa, Moldowa, Belarussiýa degişlidir.
Bäsleşigi gurnaýjy we esaslandyryjy – “Döredijilik münberi” atly Halkara döredijilik Assosiasiýasy (MЛATT)/International Literary Association Creative Tribune (ILACT).
Abraýly emin agzalarynyň sanawyna döredijilik ekspertleri – emin agzalaryň başlygy, SPSA german bölüminiň ýolbaşçysy, akademik, ylymlar doktory, şahyr aýal, ýazyjy Natalie Bisso; Wise – Prezident MЛATT, MARLI – niň akademigi, şahyr, prozaçy, terjimeçi Raisa Melnikowa we beýlekiler. Olar bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerini birnäçe nominasiýalar boýunça bahalandyrdylar: şygryýet, aýdym bilen ýerine ýetirilýän şygryýet, şahyrana beýan etmeklik (bagyşlama), kiçi kyssalar, sosial – medeni (haýyr-sahawat işleri).
Bäsleşik iki tapgyr boýunça geçirildi, olaryň netijeleri boýunça uzyn- sahypa, gysga- sahypa we netijeler çap edildi. Ýeňijileriň iň gowy döredijilik işleri MЛATT Antologiýasynda we halkara metbugatda çap ediljekdir.
Ýuliýa Jumaýewa biziň ýurdumyzy – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany görkezýär we “Iki atlaryň sazlaşygy” atly makalasy üçin (Kiçi kyssalar nominasiýasynda) laureatlygyň III derejesine mynasyp bolýar. Emin agzalar belent professional derejäni we onuň çeperçilik stiliniň özboluşlylygyny belläp geçdiler.
Makala iki görnükli şahsyýetleriň – Magtymguly Pyragynyň we Nury Halmämmedowyň döredijiligine bagyşlanypdyr. Türkmenistanyň halk artisti, zehinli kompozitor Nury Halmämmedow XVIII asyryň beýik klassigi Magtymguly Pyragynyň sözlerine ajaýyp eserleri – ses we fortepiano üçin wokal toplumyny, “Magtymguly” kinofilmine (režissýory Alty Garlyýew, “Türkmenfilm”, 1986) sazy ýazypdyr. Bu eserler (şygryýetiň we sazyň organiki sintezi) – türkmen sungatynda ýagty sahypalardyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary özüniň kärdeşi we mugallymy Ýuliýa Jumaýewany gutlaýarlar we oňa berk jan saglyk, ruhubelentlik we döredijilik äleminde üstünlikler arzuw etdiler!
Jemal ELLIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebiniň“Sazyň taryhy we
nazaryýeti” bölüminiň 3-nji ýyl talyby.