MEDENIÝET

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy – döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi

Aşgabat şäherinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” atly milli edebiýat döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu döredijilik bäsleşigini “Нейтральный Туркменистан” gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky  Ýaşlar guramasynyň goldamagynda geçirdi.

Bäsleşigi gatnaşyjylar dürli temalarda, innowasion tehnologiýalar şeýle hem milli taryhy gymmatlyklar, däp-dessurlar, milli sungat, Türkmenistanyň medeniýetiniň ösüşi baradaky makalalar bilen gatnaşdylar.

      Bu bäsleşikde birinji orna saz sungatyny öwreniji, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Ýuliýa Jumaýewa mynasyp boldy. Ol gyzykly täsirli çeper-publisistiki, türkmen kompozitorlarynyň unikal döredijiligi barada, ýazyjylar, improwizasiýa ýerine ýetirijiligindäki ussatlar milli bagşy-sazandalar, üstünlikli konsertler, talyplar bilen pedagogiki  iş, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary baradaky makalalary bilen gatnaşdy.  

        Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň “Zehin” döredijilik merkeziniň direktory Tahyr Nazarow ikinji ýer bilen sylaglandy.

         Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Habib Halmämedow, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň bibliografy Lýudmila Badaýewa üçünji orna eýe boldular.   

       Bäsleşige gatnaşyjylar gymmatbahaly sowgatlar we diplom bilen sylaglandylar.

      Men saz sungatyny öwreniji, ussat, halypa mugallym Ýuliýa Jumaýewada okap, tälim alýanlygyma çäksiz buýsanýaryn. Bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine geljekde döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýärin.

       2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar  ýyly” diýlip yglan edildi. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Janynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Mährigül Awazowа

 Lebap welaýat ýörite sungat    mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: