BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň jadyly dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti we sungaty täze ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we saz sungatymyzy ösdürmek, ýaşlaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek ugrundaky çäksiz aladalary her bir talyby we mugallymy täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu gün hem Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera hor topary özüniň täze we mazmunly maksatnamasy bilen saz söýüji köpçüliginiň öňünde ýokary professional ussatlygyny görkezdi.
Dabara Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeni mirasa goýulýan sarpany we sungatymyzyň kämilleşmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän, şeýle-de ata Watanymyzyň asuda, parahat we bagtyýar durmuşyny üpjün edýändikleri üçin çäksiz minnetdarlyk sözleri bilen başlandy.


Konsertiň alyp baryjysy Oguljahan Jumageldiýewanyň çeper dilde beýan eden giriş sözleri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ol ýaňlanan her bir eseriň taryhy ähmiýeti we many-mazmuny barada diňleýjilere täsirli maglumatlary ýetirip, tomaşaçylary sungatyň jadyly älemine atardy.
Maksatnamada milli saz sungatymyzyň genji-hazynasy bolan türkmen kompozitorlarynyň täzeçe äheňli eserleri, dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Günbatar Ýewropa nusgawy sazynyň dürdäneleri, şeýle-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýnasy bolan halk aýdymlary öz beýanyny tapdy.


Konsert beýik türkmen kompozitory Welimuhammet Muhadowyň sazyna we Annamuhammet Saryýewiň sözlerine ýazylan “Söýgülim gelýär” atly eser bilen açyldy. Döwlet Sahatow tarapyndan hor üçin täzeden işlenilen bu eser gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde aýratyn şahyrana öwüşgin aldy.                                                                                                                 Sazlaşykly owazlaryň has-da täsirli ýaňlanmagynda sazanda Aziza Arslanowanyň ýerine ýetirijilik ussatlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onuň fortepianodaky akkomponimenti horuň sesleri bilen bir bitewülige öwrülip, eseriň çeperçilik keşbini has-da baýlaşdyrdy.


Konsert maksatnamasynyň dowamynda Frans Şubertiň “Serenadasy”, P. I. Çaýkowskiniň “Ночевала тучка золотая” we P. Çesnakowyň “Зеленый шум” ýaly dünýä nusgawy eserleri belentden ýaňlandy. Şeýle hem Rejep Allaýarowyň “Leýli saç” eserinde we Batyr Umitjanowyň “Eý, sanam” aýdymynda mugallym Atajan Hemraýewiň hem-de III ýyl talyby Örejemal Nepesowanyň ýekelikdäki çykyşlary diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.


Konsertde türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň eserleri aýratyn orun aldy. Durdy Nuryýewiň N.Baýramowyň sözlerine ýazan “Çal dutarym” atly eseri milli mirasymyza bolan çäksiz söýgüniň aýdymy bolup ýaňlandy. Hor topary bu eseriň üsti bilen türkmen ruhunyň joşgunyny we ýüreklerdäki dutar owazynyň mukaddesligini diňleýjilere ýetirdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň “Ýaşaýşa söýgi” eseri durmuşyň gözelligini we ynsanyň ruhubelentligini wasp edip, uly täsir galdyrdy.

Kamera hor toparynyň ýetýän belent sepgitleriniň arkasynda toparyň tejribeli ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti, halypa mugallym Bäşim Berdiýewiň uly zähmeti we döredijilikli ylhamy durýar. Halypa mugallymyň saz eserleriniň ählisine özboluşly çemeleşmesi, talyplaryň sesleriniň arasyndaky kämil sazlaşygy tapmak ukuby bu toparyň professional keşbini emele getirdi. Bäşim Berdiýewiň dirižýorlygynda ýüze çykýan her bir nagma, talyplaryň sungat älemine bolan ynamly gadamlaryny aňladýar. Maksatnamada ýerine ýetirilen ajaýyp eserler talyplaryň we mugallymlaryň köp wagtlap bitiren yhlasly zähmetiniň aýdyň netijesidir. Bu günki Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kamera hor toparynyň şowly çykyşy ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir. Milli medeniýetimiziň we saz sungatymyzyň dünýä derejesinde dabaralanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.