Nesillerimize berilýän bilimiň, hünäriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesle ylym-bilim öwretmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şeýle-de halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmeklik esasy wezipämizdir.
Geljegimiz bolan ýaş nesilleri okatmagyň kämil usullary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Okuw maksatnamalary ýylyň-ýylyna yzygiderli kämilleşdirilýär. Okuw kitaplarydyr, görkezme esbaplary şeýle-de gollanmalary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmaklary üçin edilýän aladalaryň nyşanydyr.
Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano ” bölüminiň mugallymy Aziza Arslanowa şol bölümiň III-ýyl talyby B.Şageldiýewa bilen “Fortepiano” hünär dersi boýunça açyk sapagyny geçirdi. Mugallym sapagyň başynda açyk sapaga gatnaşýan mugallymlary sapagyň temasy bilen tanyşdyrdy: “F.Şopeniň (Es-dur) “Noktýurn” eseriniň häsiýeti taýdan kämilligini gazanmak we garmoniki taýdan arassalygynyň üstünde işlemek”. Mugallym kompozitoryň ömür ýoly, döredijiligi hem-de ýazan eserleri bilen bagly dürli we baý maglumatlary berdi. Mugallym fortepiano saz guralynda “Noktýurn” eseriniň gurluş aýratynlyklaryny, garmoniýa we dinamika taýdan ýerine ýetiriliş arassalygyny talyba çalyp görkezdi, talybyň öý işini ýerine ýetirişini barlady. Talybyň kynçylyk çekýän ýerlerinde säginip, gaýtadan düşündirdi.
Mugallym talybyň eseri tiz özleşdirmek endigini, hünärine bolan zehininiň, höwesiniň kämilleşmegi üçin talybyň aňynda galar ýaly sada, many-mazmun taýdan ýönekeý dilde düşündirmegi başardy. Açyk sapagy üstünlikli, döredijilikli guramaklyk üçin okuw görkezme esbaplaryny ulandy we geçilen temany özleşdirdi, jemledi. Talyby bahalandyrdy we öýe ýumuş tabşyrdy.
Aziza Arslanowa Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 3 ýyl bäri zähmet çekýänine garamazdan bilim, hünär öwredýän talyplarynyň saz sungata bolan söýgüsini gazanmagy başardy. Bu açyk sapaga mekdebiň “Fortepiano” we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary: Haidowa L.Ş; Jumageldiýewa O.S dagylar gatnaşyp sapagyň ahyrynda açyk sapagyň täsirli geçendigi barada özleriniň oý-pikirlerini, garaýyşlaryny beýan etdiler. “Fortepiano” bölüminiň bölüm müdiri Haidowa L.Ş açyk sapagy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary, maslahatlary berdi.
Şeýle-de açyk sapaga gatnaşan mugallymlar Arslanowa Aziza Arslanownanyň işinde, döredijilik äleminde belent sepgitleri, uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Gülleýän, gül açýan Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny, milli medeniýetimizi we saz sungatymyzy hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.


