BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde ylmy – amaly maslahat geçirildi

Berkara döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we innowasion tehnalogiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we halkymyzyň milli ýörelgelerinew esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik
edaralarynda döwrebap bilim, terbiýe almaklarynda, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde hereket edýän bilim ojaklarynyň ähmiýeti örän ulydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýady berkden goýan bilim ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Gakynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap derejede ösdürilýär. Okamak, bilim almak – bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr.
Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has
gözelleşdirmek, kämillige tarp ösmek bilen, uly abraý – mertebe gazanýandyr.
Ýurdumyzda okatmagyň mazmuny we usulyýetini kämilleşdirmegiň meselesi boýunça bilim ojaklarynda, her okuw ýylynyň dowamynda onlarça ylmy – amaly maslahatlary geçirilýär. Olara ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinden mugallymlar, terbiýeçiler, usulyýetçiler, hünärmenler gatnaşyp öz iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar.
Ynha şol ylmy – amaly maslahatlaryndan biri hem Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde örän guramaçylykly derejede geçirildi. Oňa welaýatymyzyň orta okuw jaýlarynda myhmanlar gatnaşdylar. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň agzybir mugallymlary we talyplary ylmy – amaly maslahata işjeň
gatnaşyp maslahatda mekdebimiziň mugallymlary Oguljahan Jumageldiýewa, Oguljahan Kulyýewa dagylar özleriniň taýýarlan nutuklaryny prezentasiýalar arkaly çykyş etdiler, maslahatyň öňi syrasy döredijilik konsertini muhmanlara görkezdiler. Konsertiň dowamynda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň talyplary Gaipow Ata, Nepesowa Örejemal, Mammedow Annageldi, Ildarow Ilşat özleriniň
mahmal owazly sesleri bilen halkyň içinde köp alkyşlary alan, şadyýan dabaraly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Bulara mekdebiziň mugallymlary Aşirow Wepa, Gaipowa Aziza hem-de “Fortepiano” bölüminiň   4-nji ýyl talyby Azadow Baýram sazandarlyk etdiler. Bu ussatlarça ýerine ýetirilen dabaraly aýdymlar
tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Konsertiň dowamynda “Türkmen milli saz gurallary ” bölüminiň 3-nji ýyl talyplary Ahmedow Alişer, Hamraýew Nurulla, Lýudmila Tokarewanyň sazandarlyk etmeginde, professional saz sungatynda uly yz galdyran görnükli kompozitorlaryň uly göwrümli saz eserleri bilen konserte uly öwüşgün çaýdy. Bu ajaýyp sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi tomaşaçylarda örän täsir galdyrdy.
Konsertde ýerine ýetirilen saz eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, talyplaryň joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Leýla HAIDOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano “bölüminiň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: