Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşleriň täzeden-täze belentliklerine göterilýär. Milli mirasymyzy we medeniýetimizi aýawly saklamak, ony dünýä ýüzüne ýaýmak we sungat ussatlarymyzyň bitiren hyzmatlaryny dabaralandyrmak baradaky döwlet syýasaty ýaş zehinler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Şeýle belent maksatlardan ugur alyp, bu gün Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary: Şükürbaý Jorakulyýew we Aziza Seýitkulyýewa dagylar Türkmenistanyň halk artisti, dosent, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýatlama” atly aýdym-sazly döredijilik agşamyny örän guramaçylykly geçirdiler. Konsert Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowyň giriş sözi we gutlagy bilen başlandy.

Dabaranyň dowamynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary A. Seýitkulyýewa kompozitoryň baý döredijilik ýoly we türkmen saz sungatyna goşan ägirt uly goşandy barada, B. Hudaýberdiýew bolsa halypa-şägirtlik ýol-ýörelgeleri, şeýle-de halypasynyň beren tälimleri barada täsirli gürrüňleri berdiler. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II-nji ýyl talyby A.Setdarkulyýewa B.Hudaýnazarowyň kamera-wokal döredijiliginiň aýratynlyklary, eserleriniň çeperçilik mazmuny we sazyň söz bilen baglanyşygy barada gyzykly maglumatlary paýlaşdy.
Konsert dabarasy “Aýdym aýtmak sungaty ” bölüminiň talyplarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. A.Mammedowyň “Derýa” aýdymynda joşup akan Amyderýanyň gürpüldisi, tebigatyň egsilmez beýik güýji duýuldy (mugallymy:T.Joraýewa). Oňa “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy W.Aşirow ussatlyk bilen sazandarlyk etdi. Soňra konsert J. Guwandykowanyň ýerine ýetirmeginde “Ene elleri” atly eseri ýaňlanyp, onda enelerimize bolan sarpanyň aýdym-saz dilindäki mähir bilen ýugrulan beýany aýdyň görkezildi (mugallymy:M. Hutdyýewa). Oňa “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy S. Huddyýewa sazandarlykda hemra boldy.
I.Ildarow bolsa kompozitoryň “Älemgoşar” eserini ussatlarça ýerine ýetirdi. Reňbe-reň owazlara püre-pür bolan bu aýdym durmuşyň şatlygyny dabaralandyrdy (mugallymy: M.Hutdyýewa). Oňa “Fortepiano” bölüminiň mugallymy D.Awanesowa sazandarlyk etdi.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II-nji ýyl talyby M. Kerimkulowa kompozitoryň kamera-instrumental döredijiliginiň inçe taraplary barada çykyş etdi. Kompozitoryň fortepiano üçin “Tokkata” eserini “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyby B.Jumaýewa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Talyp sazyň tehniki taýdan kämilligini we dramatiki öwüşginlerini açyp görkezmegi başardy. (mugallymy: G.Akyýewa).
“Poema mukam” eserini bolsa “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň III-ýyl talyby N. Rozyýew (mugallymy: Ş.Jorakulyýew) belent owazda ýerine ýetirdi. Oňa “Fortepiano” bölüminiň mugallymy L.Koşelewa ussatlarça sazandarlyk etdi. Milli saz gural we fortepianonyň owazdaşlygynda ýaňlanan bu eser, geçmişiň pelsepesini özünde jemleýär.
Şeýle-de N.Hemraýewiň (mugallymy: B.Haýdarow) ýerine ýetirmegindäki “Konsertino-gazal” eseri konsert dabarasyna öwüşgin çaýdy. Oňa “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy L. Tokarýewa ussatlarça sazandarlyk etdi.
Konsertiň ahyrynda “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy A.Hemraýew “Gel obamyň lälesi” atly ajaýyp aýdymy ýerine ýetirip, döredijilik agşamyny şowhunly jemledi.
Konsertiň ýokary derejede geçmeginde sazandarlyk eden W. Aşirow, S.Huddyýewa, L.Koşelewa, L.Tokarýewa we D.Awanesowa ýaly tejribeli mugallymlar aýratyn agzalmaga mynasypdyr.
Bu döredijilik agşamy diňe bir ýatlama däl, eýsem halypanyň sungat ýoluna bolan belent hormatyň nyşanydyr. Kompozitoryň döreden aýdym-sazlary her birimiziň kalbynda baky galar. Bu döredijilik agşamy bolsa türkmen saz sungatynyň kerwenini gerdeninde çekýän halypalaryň ýolunyň dowamat-dowamdygyna şaýatlyk etdi.
Sazyň jadylaýjy güýji arkaly köňüllere ýol tapan bu döredijilik agşamy ähli gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Kompozitoryň döreden her bir owazy-derýa bolup joşdy, ene mähri deýin ýylatdy we älemgoşar bolup göwünleri galkyndyrdy. Döredijilik agşamynyň ahyrynda, çäräni gurnaýjy mugallymlar çykyş eden ähli zehinli talyplara we sazandarlyk eden kärdeşlerine özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. Halypa kompozitoryň eserlerini uly ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýaş zehinlere sungat ýolunda täze üstünlikler arzuw edildi.
Şükürbaý JORAKULYÝEW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.








