BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri ýygy-ýygydan geçirilýär

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler giňden ýaýbaňlandyrylyp, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda toýlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
Ynsan kalbyny ýagşy- umyt arzuwlara, şatlyk-şowhuna besläp, täze 2025-nji ýyl
hem ýetip geldi. Baýramlaryň naýbaşysy hasaplanýan Täze ýyly agzybir türkmen
halky ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşy aldy. Şanly senä bagyşlanyp, uludan
ýaýbaňlanan baýramçylyk dabaralarynda hem-de Täze ýyl arçalarynyň ýanynda
asuda, abadan Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwrüniň şeýle-de Täze ýylyň waspyny belentden söýlän şirin mukamlar bolsa, galkynýan göwünlere ganat baglap, kalp ylhamyňa joşgun eçilýär.
Ynha täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň      “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilelikde baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk konsertiniň dowamynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary görnükli saz wekilleri bolan daşary ýurt kompozitorlarynyň hem-de türkmen kompozitorlarynyň birnäçe eserlerini çalyp tomaşaçylara ýetirdiler.
Konsertde mekdebimiziň mugallymlary Georgadze Eteri, Han Tatýana, Aziza Arslanowa, Tawus Allaberdiýewa, Nasiba Bakiýewa, Salamat Huddyýewanyň talyplary çykyş etdiler. Bu owadan baýramçylyk sazlary tomaşaçylarda örän tasir galdyrdy.
Konsertiň dowamynda mekdebimiziň “Saz mugallymçylygy ” bölüminiň talyblary Annamyradowa Nabat, Nurýagdyýewa Maýa, Oralowa Gülmira, hem-de “Hor dirižorlygy”  bölüminiň talyblary Jumaýewa Gülnar, Kuwwatgeldiýew Kerem, Mergenowa Gülşirin, we “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Imamowa Selbi, “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Arutýunýan Grand we “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň talyby Goçkarow Husnetdin dagylar kompozitorlaryň eserleri bilen çykyş etdiler. Sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi konsert dabarasyny bezedi we konserte uly öwüşgin çaýdy.
Konsertde ýerine ýetirilen saz eserleri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady, talyplaryň joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat
mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Bakiýewa Nasiba,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “umumy fortepiano ” bölüminiň mugallymy