Halkymyz täze ýyl baýramçylygyna uly şatlyk bilen barýar. Bu baýramçylyk mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaralary konsertler giňden ýaýbaňlandyrylyp, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda toýlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
Ynha täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary Haidowa Leýla Şirinbaýewnanyň hem-de Akyýewa Gülşat Rozykulyýewnanyň talyplarynyň bilelikde baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk konsertiniň dowamynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň talyplary özleriniň çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler.
Konsertiň başyny Joakkino Rossininiň sewilskiý sirýulnik operasyndan “Kawatina Roziny” atly eserini, mekdebiň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň mugallymy Leýla Resulowanyň ýekelikde ýerine ýetirmeginde we Fortepiano bölüminiň 4-nji ýyl talyby Azadow Baýramyň sazandarlyk etmeginde dabaraly ýaňlandy. Soňra mekdebimiziň aýdym aýtmak sungaty bölüminiň mahmal owazly talyplary ýekelikde N.Halmammedowyň “Haýrana galar” aýdymyny Selbi Imamowa, “Şadyýan gün” aýdymyny Ata Gaýipow, fortepiano bölüminiň 4-nji ýyl talyby Azadow Baýramyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler. Bu owadan baýramçylyk aýdymlary tomaşaçylarda örän tasir galdyrdy.
Konsertiň dowamynda mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Karimowa Nargis we mekdebimiziň “Fortepiano” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Astanakulowa Dildoranyň sazandarlyk etmeginde Winçenso Kýarra “ La spanýolla” eseri Şarl Berio “Wariasiýalar” eseri bilen çykyş etdiler. Sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi konsert dabarasyny bezedi. Soňra mekdebimiziň 4-nji ýyl talyby Bazarowa Nurananyň sazandarlyk etmeginde “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Annageldi Mammedow Rejep Rejepowyň “Ýalňyz ýoda”, Winçesso Kýarro “La spanýolla” aýdymlary bilen konserte uly öwüşgin çaýdy.
Konsertde mekdebimiziň fortepiano bölüminiň talyplarynyň çalmagynda Gurban
Daňatarowyň owadan sazlarynyň astynda “Bagyş et maňa ” aýdymyny Leýla Resulowa ýerine ýetirdi, sazandarlyk eden bölümiň talyby Ýusupjanowa Mahriban bu aýdymyň ýaňlanmagy diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Soňra fortepiano bölüminiň talyplarynyň ýerine Toýewa Luiza, Azadow Baýramyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazlarynyň ýaňlanmagy bilen baýramçylyk konserti jemlendi.
Sahnada aýdymçy sazandalar toparlarynyň, joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Bakiýewa Nasiba,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “fortepiano ” bölüminiň mugallymy