Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde okuw-usuly seminar geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almaklygy üçin ähli şertler döredilýär. Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Lebap welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabalaýyk ýöretmek boýunça okuw-usuly seminar geçirildi.
Bu okuw-usuly seminaryna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, “Türkmenhimiýa” Döwlet konseriniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw-usuly seminaryna gatnaşyjy myhmanlara mekdebimiziň talyplary we mugallymlary tarapyndan şowhunly konsert taýýarlanyldy. Şeýle ajaýyp çykyşlaryň geçirilmegi okuw-usuly seminaryna gatnaşanlar üçin örän täsirli boldy.
Okuw-usuly seminaryny Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory S.Hakkyýew açyp, mugallymlara, talyp ýaşlara kämil bilim almaklary, döretmekleri, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdy. Okuw-usuly seminarynyň Lebap welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabalaýyk ýöretmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tabşyrygy esasynda ýörite düzülen meýilnama esaslanyp geçirilýändigini belledi.
Soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri U.Akyýewa “Orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalaryň ýöredilişi boýunça tejribe alyşmak işiniň berýän netijelerini ara alyp maslahatlaşmak” diýen tema boýunça çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň bäşmüň ýyllyk taryhy, döredijilik
mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Ajaýyp kitabyň birinji babynyň “Taryha syýahat”, ikinji babynyň bolsa “Ruhy miras” diýilip atlandyrylmagynda çuňňur many bardyr.
Munuň özi şöhratly taryhymyzy sarpalap, ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklary, nesillerden-nesillere geçirmek ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýandyr. Halkymyzyň şöhratly
taryhyny, baý medeni mirasyny şeýle hem döwletlilik ýol-ýörelgelerini beýan edýän , olary pähim-paýhas, many-mazmun taýdan has hem baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwelik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemeklik üçin genji hazynasydyr-diýip belledi.
Soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy O.Jumageldiýewa “Orta hünär okuw mekdeplerinde jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak” atly çykyşynda Lebap welaýat yörite sungat mekdebinde Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasy, Zenanlar guramasy, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy we orunbasary şeýle hem Kärdeşler arkalaşygy ýaly jemgyýetçilik guramalary
bolup mekdebimizde bilim alýan ýaş nesilleriň ruhubelent ýokary ahlakly we bilimli zehinleriň kemala gelmegi üçin Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz nesihat çäreleri ýygy-ýygydan geçirilip, ýaş nesilleri, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek boýunça netijeli işleriň geçirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygy barada giňişleýin maglumat berdi.
Soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy M.Baltaýew “Ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagynyň, bidüzginçiliklerden ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, “Sport-kämillige badalga” “Ýaramaz endikleriň garşysyna milli ruh bilen!”, “Sport-ýaşlaryň gujurly güýji”, “Sagdyn durmuş ýörelgesi-
Arkadagly Serdaryň göreldesi” diýen şygarlar bilen dürli wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilişi barada (Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasaty, 3-nji buýruk, 14.01.2023ý.)” atly çykyşynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň köpçülikleyin sport bilen gyzyklanmaklary, olaryň ruhy taydan erkinligine we özlerini hemme taraplaýyn ykrar etdirmeklerine giň ýol açylýar.
Ynsan saglygyna zyýan beriji endiklerden daşda durmaklary üçin geçirýän öwüt ündewli çärelerimiz öz netijesini berýär. Türkmenistan çilimkeşlige garşy halkara göreşiň öň hatarynda barýandygyna dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Ýurdumyzda bu babatda anyk işler amala aşyrylýandygy barada aýratyn nygtady.
Jemgyýetçilik guramalarynyň baş maksady ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşyny kemala getirmäge, olarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza buýsanç duýgulary ruhunda terbiýelemäge gönükdirilmegidir. Işleriň esasy ugurlarynyň biri hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini
ornaşdyrmakdan, ýaşlary Watanymyza, maşgala gymmatlyklaryna söýgi ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.
Okuw-usuly seminarynyň ahyrynda kämil tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary terbiýelemäge, okatmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini, sagbolsunlaryny aýtdylar.
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.